Erdogan Jamalany gutlady

Prezident R.T.Erdogan şenbe güni Şwesiýada geçirilen Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine Ukrainanyň adyndan gatnaşyp birinji orny eýelän Jamalany telefon arkaly gutlady

491878
Erdogan Jamalany gutlady

Prezidentiň metbugat merkezinden alynan maglumata görä Prezident Erdogan Krym tatarlaryna Sowet hökümetiniň eden sürgünini gürrüň berýän “1944” atly aýdymy bilen birinji orny eýelän Jamalany gutlap, mundan beýläk hem uly üstünlik arzuw etdi.

Krymly aýdymçy Jamala bolsa Prezident Erdogana gutlag telefonynyň özüni iňňän tolgundyrandygyny nygtap, sagbolsun aýtdy.

Jamala gazanan üstünligi bilen Krymyň taryhynyň gizlenen hakykatynyň bütin dünýä tarapyndan öwrenilendigini aýtdy.

Şwesiýadan Ukraina baran Jamalany Brispol howa menzilinde ýüzlerçe janköýeri gül desseleri bilen garşylady.

Jamala “Geljek ýyl geçiriljek bäsleşigiň watanymda, Krymda guralmagyny isleýärin. Häzirki wagtda Krym anneksiýa astynda. Bir ýylda Krymyň halas boljakdygyna ynanmaýaryn. Şol sebäpli hem geçireris diýip bilemok” diýdi.

Ýewrowideniýede gazanan üstünliginiň aňaladýan manysyny gürrüň beren Jamala: “Uzak ýyllaryň dowamynda hiç kimiň eşitmedik islemedik, gizlenen taryhyny hemmeler eşitdi. Bu ýeňiş adalatyň bardygyny görkezýär. Köp kynçylyklardan geçdik. Ýewropa bu aýdym arkaly Krymyň anneksiýasyny, urşo, ynkylaby we Ukrainadaky beýleki kynçylyklary öwrendi. Ýewropa oňa ses berdi, maňa düşündi we duýdy. Çünki bu aýdym diýseň ýürekden we Ukraina oňa doly laýykdy” diýdi.

Tatar aýdymçysy Jamala “Ukrainanyň halk artisti” ady dakylar.



Degişli Habarlar