Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda çaknyşyk boldy

Çaknyşyklarda Ermenistanly 5 esger ýogaldy

431288
Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda çaknyşyk boldy

Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda dartgynlyk dowam edýär.

Front liniýasynda bolan soňky çaknyşyklarda Ermenistanly 5 esger ýogaldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, front liniýasyndan geçmäge synanşan Ermenistanly esgerler bilen Azerbaýjanly esgerleriň arasynda çaknyşyk boldy.

Goranmak ministrligi çaknyşykda Azerbaýjanly esgerleriň hiç hili ýitgi çekmändigi we front liniýasynyň gözegçilik astyna alynandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar