Russiýa Gyrgyzystana 500 million dollarlyk kömek berer

Almazbek Atambaýew Wladimir Putin bilen duşuşdy

87826
Russiýa Gyrgyzystana 500 million dollarlyk kömek berer

Russiýa Gyrgyzystana 500 million dollarlyk kömek berer.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew düýn Russiýanyň Soçi şäherinde Prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezident gullugy tarapyndan berlen beýanatda Atambaýewiň Putin bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara garalandygy we ýokary derejeli gatnaşyklara hoşallyk bildirendigi nygtaldy.
Atambaýewiň Gyrgyzystanyň strategik hyzmatdaşy we dogany Russiýa bilen edýan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýändigi ýatladyldy.
Gyrgyz Respublikasynyň Gümrük bileleşigine agza bolmak üçin uly tagalla edýändigini aýdan Atambaýew “Güýçli goldaw berlen halatynda Gümrük bileleşigine şu ýyl agza bolmagy maksat edinýändiklerini” belledi.
Ria Nowostiniň berýän habaryna gör, Putin-Atambaýew duşuşygyndan soň metbugata beýanat beren Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Gyrgyzystanyň ykdysady taýan ösüşi we Ýewropa utgaşyklygy üçin 500 million dollarlyk kömek berilmegi barasynda kararyň kabul edilendigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar