Prezident Gül DKTR-na gitdi

Abdulla Gül 20-njy iýul Parahatçylyk we azatlyk baýramynyň 40 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşar

64211
Prezident Gül DKTR-na gitdi

Prezident Gül DKTR-na gitdi.
Prezident Abdulla Gül 20-njy iýul Parahatçylyk we azatlyk baýramynyň 40 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna gitdi.
Prezident hökmünde ilkinji daşary ýurt saparyny 2007-nji ýylda DKTR-na gurandygyny ýatladan Gül, prezident hökmünde soňky saparymy hem DKTR-nyň Prezidenti Derwiş Eroglynyň çakylygyna laýyklykda 20-njy iýul Parahatçylyk we azatlyk baýramynyň 40 ýyllygy sebäpli Kipra guramakdan hoşaldygyny nygtady.
Abdulla Gül saparynyň çäginde Kipr meselesiniň çözülmeği üçin edilýän tagallalarda ýetilen sepgit bilen iki ýurdun arasyndaki gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşjakdyklaryny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar