9 Aýda Stambul Şäherine 13 Million 156 Müň 209 Syýahatçy Geldi

Stambul şäherine sentýabr aýynda gelen syýahatçylaryň sany 1,55 göterim artyp 1 million 631 müň 963 adama ýetdi.

2060963
9 Aýda Stambul Şäherine 13 Million 156 Müň 209 Syýahatçy Geldi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, üstümizdäki ýylyň ilkinji 9 aýlyk döwründe Stambul şäherine 13 million 156 müň 209 syýahatçy geldi.

Stambul şäherine sentýabr aýynda gelen syýahatçylaryň sany awgust aýy bilen deňeşdirilende 1,55 göterim artyp 1 million 631 müň 963 adama ýetdi.

Sentýabr aýynda Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda 168 müň 925 adam bilen ruslar esasy orun eýeledi.

Russiýadan soň 119 müň 681 syýahatçy bilen Germaniýa ikinji, 111 müň 688 adam bilen Eýran üçünji, 87 müň 670 adam bilen ABŞ dördünji orun eýeledi.

Arap ýurtlaryndan sentýabr aýynda Stambul şäherine gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda Yrak birinji, Saud Arabystany ikinji, Alžir üçünji, Marokko dördünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar