Antalýa Howa Ýoly Arkaly Gelen Syýahatçylaryň Sany 7 Milliondan Geçdi

Antalýa syýahatçylyk pudagy boýunça dünýäde esasy merkezlerden biri bolmaga dowam edýär

2013367
Antalýa Howa Ýoly Arkaly Gelen Syýahatçylaryň Sany 7 Milliondan Geçdi

Antalýa üstümizdäki ýyl howa ýoly arkaly gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 7 million 37 müň 883-e ýetdi.

Welaýat häkimi Ersin Ýazyjy, sosial mediadan beren habarnamasynda, Antalýanyň syýahatçylyk pudagy boýunça dünýäde esasy merkezlerden biri bolmaga dowam edýändigini aýtdy.

Dürli ýurtlardan gelen syýahatçylaryň şäherde dynç alýandygyny aýdan Ýazyjy, “Ýurdumyzyň syýahatçylyk paýtagty Antalýa howa ýoly arkaly gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 7 million 37 müň 883-e ýetdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar