Ipek Öz Katarda geçirilen turnire Türkiyäniň baýdagy bilen çykdy

Katar Açyk tenis turnirinde bäsleşen türk milli türgen Ipek Öz, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeler sebäpli korta Türkiyäniň baýdagy bilen çykdy

1946148
Ipek Öz Katarda geçirilen turnire Türkiyäniň baýdagy bilen çykdy

Ipek Öz ýörite çakylyk bilen gelen baran Kataryň paýtagty Doha şäherindäki turniriň ilkinji tapgyrynda dünýäniň ozalky çempiony, klassifikasiýanyň 17-nji ornunda duran belarussiýaly Wiktoriýa Azarenko bilen bäsleşdi. 

Klassifikasiýanyň 196-njy ornunda duran türk milli türgen Ipek Öz başdan geçirilen ýer titremelere ünsleri çekmek maksady bilen korta Türkiyäniň baýdagy we gara talas bilen çykdy.

Bäsleşikde 6-1 hasaplar bilen üstün çykan tarap Azarenko bolup, ol bäsleşigiň 2-nji tapgyryna geçdi. 


Etiketkalar: #tenis

Degişli Habarlar