Müsürde 3500 ýyllyk faraonyň gubury tapyldy

Müsüriň Luksor şäherinde 3500 ýyl ozala degişli bolan bir faraonyň gubury tapyldy

1932872
Müsürde 3500 ýyllyk faraonyň gubury tapyldy

Müsüriň Syýahatçylyk we taryhy eserler ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Taryhy eserler Ýokary geňeşi bilen Kembrij uniwersitetindäki Döwrebap Döwlet ylmy-derňew guramasynyň hyzmatdaşlygynda döredilen Müsür-Iňlis umumy topary, Luksor şäherinde geçiren gazuw-agtaryş işlerinde ozal bilinmeýän bir faraonyň guburyny tapdy. 

Tapylan guburyň I Thutmose döwründäki Şanyň aýallarynyň ýa-da Şa gyzlaryň birine degişli bolup biljekdigi habar berildi. 

Ýüze çykarylan guburyň köne döwürlerdäki sil sapatlary sebäpli erbet ýagdaýdadygy beýan edildi. 

I Thutmose faraony Gadymy Müsüriň 18-nji dinastiýa zamanynda höküm sürdi. 


Etiketkalar: #gubur , #Müsür , #faraon

Degişli Habarlar