UEFA Ýewropa Ligasynyň Çempiony Atalanta topary boldy

UEFA Ýewropa Ligasynyň finalynda Germaniýanyň Baýer Lewerkuzen toparyny 3-0 hasabynda ýeňen Italiýanyň Atalanta topary taryhynda ilkinji gezek Ýewropa kubogyny gazandy

2143192
UEFA Ýewropa Ligasynyň Çempiony Atalanta topary boldy

Dublin Arena stadionynda geçirilen final tutluşygynda Atalanta 12, 26 we 75-nji minutlarda nigeriýaly Ademola Lookman tarapyndan atylan pökgiler bilen 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 

Bundesliganyň şu futbol möwsüminde ýeňilmän çempion bolan, ähli tutluşyklarda 51 oýun bäri hiç kime utulmadyk Germaniýanyň Baýer Lewerkuzen toparyny 3-0 hasabynda ýeňen Atalanta, taryhynda ilkinji gezek oýnan Ýewropa kubogynyň finalynda çempionlyga ýetdi. 

Geçiren 3 pökgüsi bilen kuboga eýe bolan Atalantanyň 26 ýaşyndaky nigeriýaly ýyldyz Ademola Lookman UEFA taryhyna adyny ýazdyrdy.

Ademola Lookman UEFA-nyň final duşuşygynda het-trik eden ilkinji afrikaly futbolçy boldy. 

Nigeriýaly ýyldyz Ademola Lookman mundan başgada UEFA Ýewropa ligasynyň taryhynda 3 göl geçiren ilkinji futbolçy boldy. 



Degişli Habarlar