Antalýa Howa Ýoly Arkaly 3 Million Syýahatçy Geldi

Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 227 göterim artdy.

1842213
Antalýa Howa Ýoly Arkaly 3 Million Syýahatçy Geldi

Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sany 3 milliondan geçdi.

Deňizi, gumagy, güneşi we tebigy gözellikleri bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän Antalýa gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, ýanwar aýynyň 1-i bilen iýun aýynyň 12-si aralygynda şähere howa ýoly arkaly 3 million 104 müň 300 syýahatçy geldi.

Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 227 göterim artdy.

Geçen ýyl ady agzalýan döwürde şähere 949 müň 182 syýahatçy gelipdi.

 



Degişli Habarlar