Antalýa Gelen Daşary Ýurtly Syýahatçylaryň Sany 7 Milliondan Geçdi

Ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Antalýa gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 173 göterim artdy.

1713553
Antalýa Gelen Daşary Ýurtly Syýahatçylaryň Sany 7 Milliondan Geçdi

Dünýäniň tanymal syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýa gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 7 milliondan geçdi.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli geçen ýyl Antalýa 3 million 500 müň syýahatçy gelipdi.

Dünýäde sanjymlama tapgyrynyň depgininiň ýokarlamagyndan we degişli çäreleriň görülmeginden soň Antalýa gelen syýahatçylaryň sany artdy.

Geçen ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda şähere 2 million 572 müň 314 syýahatçy gelipdi. Şol san üstümizdäki ýyl 7 million 16 müň 276 adama çenli baryp ýetdi.

Ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Antalýa gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 173 göterim artdy.

2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Russiýadan Antalýa 2 million 698 müň 344 syýahatçy geldi.

Ady agzalýan döwürde Ukrainadan şähere 1 million 108 müň 486 syýahatçy, Germaniýadan bolsa 884 müň 827 syýahatçy geldi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar