Hakkaride Merga Bütan Liža Merkezi Açyldy

Liža merkezinde garyň galyňlygy ýarym metre çenli baryp ýetýär

1556657
Hakkaride Merga Bütan Liža Merkezi Açyldy

 

Hakkaride 2 müň 800 belentlikde ýerleşýän Merga Bütan Liža merkezi, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy degişli çäreleriň görülmeginden soň, liža komandalary üçin açyldy.

Welaýat häkimligi bilen Gündogar Anadaoly Galkynyş gullugynyň goldaw bermeginde gurlan we 15 million liralyk maýa goýum bilen meýdançasy uzadylan liža merkezi, möwsümi liža komandalarynyň türgenleri üçin açdy.

Liža merkezinde garyň galyňlygy ýarym metre çenli baryp ýetýär.

Liža komandalary merkezde türgenleşdirijileriniň gözegçiliginde milli we halkara derejesinde geçiriljek bäsleşiklere taýarlanar.

 



Degişli Habarlar