Türkiýe “Agroexpo Halkara Oba hojalyk we Maldarçylyk” sergisine ýer eýeçiligini eder

Türkiýe Ýewropanyň iň uly 4 serginiň biri bolan “XIV Agroexpo Halkara Oba hojalyk we Maldarçylyk” sergisine ýer eýeçiligini eder

1139134
Türkiýe “Agroexpo Halkara Oba hojalyk we Maldarçylyk” sergisine ýer eýeçiligini eder

7-10-njy fewral aralygynda Izmirde geçiriljek serginiň açylyşyna Türkiýäniň Oba-hojalyk we Tokaýçylyk ministri Bekir Pakdemirli hem gatnaşar.

130 müň ind metrlik bir ýerde geçiriljek sergä, daşary ýurtlardan öndürijiler, oba hojalyk we maldarçylyk firmalary, ýerli we daşary ýurtly traktor öndürijiler ýaly pudagyň wekilleri gatnaşar.

Mesele bilen bagly beýanat beren ministr Pakdemirli, tapawutly ýurtlardan işewür adamlaryň, hususy pudagyň wekilleriniň, akademikleriň we jemgyýetçilik guramalaryň agzalarynyň sergide bir ýere jemlenjekdigini, programmanyň çäginde oba hojalyk boýunça hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikleriň ýüze çykjakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar