Stambula 3 Aýda 3 Million 766 Müň 718 Syýahatçy Geldi
Stambul şäherine gelen syýahatçlaryň sany 8,22 göterim artdy.
2138164
![Stambula 3 Aýda 3 Million 766 Müň 718 Syýahatçy Geldi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/dafb/9adb/6678/663e09abc8819.jpg?time=1722043034)
Stambul şäherine 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtly 3 million 766 müň 718 syýahatçy geldi.
Stambul şäherine gelen syýahatçlaryň sany geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 8,22 göterim artdy.
Türkiýä üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde gelen daşary ýurtly 7 million 42 müň 850 syýahatynyň ýarysyndan gowragy Stambul şäherine geldi.
Stambul şäherine mart aýynda Russiýadan 163 müň 548 syýahatçy geldi.
Sanawda Russiýadan soň 121 müň 194 adam bilen Eýran ikinji, 115 müň 563 adam bilen Germaniýa üçünji orny eýeledi.
Degişli Habarlar
![Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/2a3b/c377/4a5d/66991782c97ec.jpg?time=1722043034)
Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar
Türkiýe, 2024 Olimpiada oýunlarynda 18 ugur boýunça 102 türgen bilen bäsleşer.