Antalýada 2200 ýyllyk gadymy şäheriň galyndylary tapyldy

Ý abany otlaryň we ösümlikleriň aşagynda taryhy şäheriň galyndylaryna gabat gelindi

1065441
Antalýada 2200 ýyllyk gadymy şäheriň galyndylary tapyldy

Antalýada 7 ýyl ozal başladylan gazuw agtaryş işleriniň çäginde ýabany otlaryň aşagynda galan 2200 ýyllyk gadymy şäheriň galyndylary tapyldy.

Kepez etrap häkimi Hakan Tütünjü öýleriň, hamamlaryň, buthanalaryň, gonamçylyklaryň, juwazyň we Areta minrasynyň ýerleşýän ýerini öz içine alýan giň meýdana eýe bolan gadymy Lyrboton Kome şäherinin hekaýasyny gürrüň berdi.

Tütünjü 7 ýyl ozal bu ýer barada gürrüň edilmäge başlandygyny belledi we ýabany otlaryň we ösümlikleriň aşagynda taryhy şäheriň galyndylaryna gabat gelendiklerini nygtady.

Akdeniz uniwersitetiniň Arhelogiýa bölüminiň Antalýa muzeýler müdürligi bilen galyndylary giňişleýin barlandygyny we 2200 ýyllyk gadymy şäheriň gün yşygyna çykarlarlandygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar