Adanada geçirilen Halkara Gan kino-film festiwaly öz işini tamamlady

Adanada gan donorlygyna we gan kesellerine ünsi çekmek maksady bilen 3-nji gezek geçirilýän  Halkara Gan kino-film festiwaly öz işini tamamlady

968079
Adanada geçirilen Halkara Gan kino-film festiwaly öz işini tamamlady

Gan keselleri Federasiýasynyň öňbaşçylyk etmeginde Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Adananyň şäher häkimligi, Seýhan etrap häkimligi, Adana şäher geňeşi we Türk gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň hemaýatkärlik etmeginde geçirilen festiwalyň baýrak gowşurylyş dabarasy boldy.  

Festiwalda režissýory Baryş Ferit bolan “Wultur” filmi 1-nji oruna mynasyp bolan bolsa, režissýory Weýsel Aslan bolan “Skinhed” filmi 2-nji oruna, režissýory Buse Şahintaş bolan “Sen umydym bolarsyňmy?” filmi bolsa 3-nji orun mynasyp boldy.  

Baýrakly orunlara mynasyp bolan filmleriň ýolbaşçylaryna pul sowgady berildi.


Etiketkalar: #gan , #festiwal , #Adana , #kesel

Degişli Habarlar