Erdogan Bütindünýä Teatr güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň sungat ussatlarynyň pidakär tagallalary bilen medeniýetde we sungatda döwrebap medeniýet derejesine eýe boljakdygyny beýan etdi

937687
Erdogan Bütindünýä Teatr güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Erdogan ähliumumy gymmatlyklary goraýan, milletiň medeni ösüşine hem-de kämilligine goşant goşýan, söýgüni, hormaty, gowuny we dogryny özüne esas edinen ähli sungat düşünjesinin Türkiýäniň ösüşine we galkynyşyna goşnt goşýandygyny nygtady.

Erdogan özüne mahsus serişdeleri we beýan ediş usuly bilen gumanitar we wyždany taraplary ýüze çykarýan, täsir ediş güýji bilen jemgyýetleriň medeni gurluşyny we ahlak tejribesini berkidýän sungat uğurlaryndan biri bolan teatryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornunyň günsaýyn berkeýändigini beýan etdi.

Erdogan durmuşy beýan edýan, ynsany ynsana gürrüň berýän, analiz ediji we tankydy garaýyşy bilen wakalara göz ýetirilmegine şert döredýän teatryň gurjak, kölege oýuny ýaly görnüşleri bilen Türkiýede däbe öwrülendigini, elmydama giň tomaşaçy gatlagyna ýüzlenip, çagalaryň we ýaşlaryň başda durmagynda bütin jemgyýet üçin güýçli tälim serişdesidigini nygtady.

Erdogan ýüzlenmesini “Hormatly teatr ussatlarymyz, teatryň işgärleriniň we sungaty söýüjileriň Bütindünýä Teatr gününi gutlaýaryn, ähli raýatlarymyza ýalkymly salam” diýip tamamlady.


Etiketkalar: #Erdogan , #gutlag , #ynsan , #analiz , #tankyt

Degişli Habarlar