“Mehmetçik Kutul Amare” serialynyň birinji bölümi reýtinglerde birinji boldy

TRT-1 ýaýlymynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilen “Mehmetçik Kutul Amare” serialynyň birinji bölümi reýting netijelerine görä birinji orny eýeledi

892190
“Mehmetçik Kutul Amare” serialynyň birinji bölümi reýtinglerde birinji boldy

Birinji Jahan urşuna taýarlyk görýän Osman döwletinde ýeke-täk hyýaly döwletiň ýaňadandan dikelmeği we halas edilmegi bolan, ýüreğinden watan söýgüsinden başga zat bolmadyk Mehmediň we ýoldaşlarynyn başdan geçirenlerini gürrüň berýän “Mehmetçik Kutul Amare” serialyna tomaşaçylar uly gyzyklanma bildirdi.

Serial AB toparynda 9,57, ABJ 1 toparyndan bolsa 8,70 reýting mukdarlary bilen birinji ýeri eýeläp, soňky ýyllaryň iň başarjaň seriallaryndan biri boldy.

“Diriliş Ertugrul” serialynyň prodýuseri we ssenaristi Mehmet Bozdoganyň prodýuserliginde sseneristliginde düşürilen serialyň režisýorlygyny Mustafa Şewki Dogan ýerine ýetirýär.

Serialyň baş rollarynda Kaan Taşaner, İsmail Ege Şaşmaz, İlker Aksum, Serdar Gökhan, Gamze Özçelik we Özge Kaýa oýnaýar.



Degişli Habarlar