Maýmynlaryň täze görnüşi anyklandy

Alymlar sebitde Tapanuli diýip atlandyrylýan maýmynlaryň täze uly görnüşini tapdy

840424
Maýmynlaryň täze görnüşi anyklandy

Indoneziýanyň Sumatrda adasynda ýaşaýan az sandaky orangutanglary derňeýän alymlar bu haýwanlaryň ozal biza mälim bolmadyk uly maýmyn görnüşi bolandygyny anykladylar. 

Alymlar sebitde Tapanuli diýip atlandyrylýan maýmynlaryň täze uly görnüşini tapdy. 

Ilkinji gezek 1997-nji ýylda sebite baran alymlar ol ýerde häsýeti we genetiki taýdan beýlekilerden tapawutly orangutanlaryň bardygyny mälim etdiler, emma bu babatda anyk maglumat bermediler. 

2013-nji ýylda ady agzalan haýwanyň süňklerini tapan alymlar bu haýwanyň kelle çanagynyň we dişleriniň gurluşynyň beýlekilerden tapawutlydygyny ýüze çykardylar. 

 


Etiketkalar: #maýmyn , #alymlar , #haýwan , #süňk

Degişli Habarlar