Çagalar mediasyna bagyşlanan Halkara maslahat Stambulda öz işine başlady

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT tarapyndan 6-njy gezek geçirilýän Çagalar mediasyna bagyşlanan Halkara maslahat Stambulda öz işine başlady

838842
Çagalar mediasyna bagyşlanan Halkara maslahat Stambulda öz işine başlady

Iki gün dowam etjek maslahatyň açylyş dabarasyna Maşgala we sosýal syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýa bilen birlikde TRT-niň Baş müdüri Ibrahim Eren gatnaşdy.

Ministr Fatma Betül Saýan Kaýa maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda ekranlaryň çagalara ýetirýän täsirine ünsi çekdi.

TRT-niň Baş müdüri Ibrahim Eren hem “çaga we media meselesi bilen ýüzleşmäge mejburdyrys” diýdi.

Maslahatyň bu günki oturluşygynda bosgun çagalaryň we şikesli çagalaryň mediadan peýdalanmagy meselesine garaldy.

Maslahatyň çäginde ertir “Türkiýede siriýaly çaga bolmak” ady bilen geçirlen gysga metražly film festiwalynyň ýeňijileri belli bolar.



Degişli Habarlar