Stambulda Oýunjak sergisi geçirilýär

Sergi 29-njy oktýabra çenli dowam eder

835542
Stambulda Oýunjak sergisi geçirilýär

10. Kids Turkey oýunjak sergisi 35 ýurtdan gelen pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda Stambulda öz işine başlady.

Stambul Fuar merkezinde geçirilýän çärede oýunjaklar gelen myhmanlar üçin sergilenmäge başlady.

Çagalar bilen birlikde uly ýaşly adamlaryň hem ünsüni çeken sergä pudagyň 1 müňden gowrak wekili gatnaşýar.

Esasan hem soňky wagtlarda bütin dünýä meşhur bolan multikleriň we seriallaryň baş gahrymanlarynyň oýunjaklaryna uly gyzyklanma bildirilýär.

Sergi 29-njy oktýabrda öz işini tamamlar.



Degişli Habarlar