Mehmet Çelik 1500 metre ylgamakda altyn medal aldy

16 ýaşyndaky Mehmet Çelik şu ýyl gatnaşan ähli bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny belledi

785845
Mehmet Çelik 1500 metre ylgamakda altyn medal aldy

Uşakly daýhan maşgalanyň ogly Mehmet Çelik Wengriýanyň Gýor şäherinde geçirlen Tomusky 2017 Ýewropa Olimpik ýaşlar festiwalynda erkekleriň arasynda 1500 metre ylgamakda altyn medal aldy.

16 ýaşyndaky Mehmet Çelik şu ýyl gatnaşan ähli bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny belledi.

Ýaş türgen Mehmet Çelik Ukrainanyň, Belarusyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda geçirlen atletika bäsleşiginde 1500 metre ylgamakda altyn, Ýyldyzlar Balkan çempionadynda 1500 metre ylgamakda kümüş we Ýaşlar Balkan çempionadonda 800 metre ylgamakda altyn medal alandygyny aýtdy.

Çelik “Geljek ýyl Braziliýada geçiriljek Ýaşlar olimpiadalaryna gatnaşyp altyn medal almagy we 2020-njy ýylda geçiriljek olimpiada-da hem aý-ýyldyzly türk formasyny geýmegi maksat edinýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar