Sene: 1927-nji ýylyň 6-njy maýy…

Ähli zat şol jadyly gutudan eşidilýän ses bilen başlady

724042
Sene: 1927-nji ýylyň 6-njy maýy…

Türkiýe radio ýaýlymy bilen tanyş boldy.

Stambulyň, Ankaranyň, İzmiriň radiolary yzly-yzyna açyldy.

Türk halky radiony diýseň halady…

Uzak ýyllaryň dowamynda sesiň jadyly dünýäsinde ýaşady.

1964-nji ýylyň 1-nji maýynda bolsa Türkiýe üçin täze bir öwrülşik nokady boldy.

Türkiýe telewizor bilen tanyş boldy.

TRT kanuny bilen Türkiýe Radio-Telewideniýe guramasy döredildi.

TRT indi öýleriň baş täjidi.

Reňksiz gepleşikler tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi.

Aglatdy, güldürdi, begendirdi…

Uly-kiçi hemmäniň durmuşynda süýji ýatlamalar galdyran Türkiýe Radio-Telewideniýe guramasy 53 ýaşynda.

TRT-niň baş müdiri Şenol Göka we bileligindäki wekiliýet TRT-niň döredilen güni mynasybetli Atatürkiň aramgähini zyýarat etdi.

Prezident R.T.Erdogan hem TRT-niň döredilen gününi ýüzlenme bilen gutlady.

“Täze teleýaýlymlary we köp dilli ýaýlymlary bilen tomaşaçylarynyň sanyny günsaýyn artdyrýan Türkiýe Radio-Telewideniýe guramasy şu günki günde dünýä teleýaýlymlarynyň hatarynda abraýly ýer eýeleýär.”

13 teleýaýlymy, 17 radiosy we 41 dilde ýaýlym berýän internet sahypasy bilen indi TRT dünýä markasyna öwrüldi…

TRT; radio,telewideniýe we internet ýaýlymlary bilen Ýakyn Gündogardan Kawkaza, Balkandan Merkezi Aziýa giň sebitde millionlarça adam tarapyndan tomaşa edilýär.



Degişli Habarlar