Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýenede üç medala eýe bolundy

Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji guni biziň toparyrmyz iki kümüş we bir bürünç medala eýe boldy

721250
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýenede üç medala eýe bolundy

Medallar halkara derejeli sport ussady Rejepbaý Rejebow mynasyp boldy, ol 77 kilograma çenli agram derejede çykyş etdi. Agamyrat Janmyradowyň şägirdi silkin götermek usulynda 158 kilogram agramy göterip, netijede iki usulyň jemi boýunça 343 kilogram görkeziji bilen ikinjiorny eýeledi. Itekläp götermekde ol 185 kilogram bilen bürünç medaly eýeledi.

Bu agramda hytaýly türgen Çengfeý Ýuan (üç altyn medal) ýeňiji boldy. Koreýa Respublikasyndan Wu Jaýe Kim üçünji orny eýeledi.

Zenanlaryň arasynda 69 kilograma çenli agram derejede geçiren bäsleşikleri biziň toparymyzdan Gülnabat Kadyrowa tapawutlanyp, dördünji orny eýeledi. Olimpiada-2016-a gatnaşyjy silkip götermek usulynda 95 kilogramy galdyrmagy, itekläp götermekde bolsa 125 kilogram agramy götermegi başardy hem-de ikisiniň jemi boýunça 210 kilogram netije görkezdi.

Bu agram derejede hytaýly türgen zenan Danhi Şi iki görnüşi boýunça 233 kilogram netije bilen ýeňiji boldy. Koreýa Respublikasyndan Suhen Kim (230 kilogram), ikinji orny we Hytaý Taýpenden türgen zenan ady Wan- Ting Hung (228 kilogram) üçünji orny eýeledi. (TDH)



Degişli Habarlar