2018 FIFA Dünýä çempionatynyň Ýewropa saýlama oýunlarynda 4 duşuşyk geçirildi

Russiýada geçiriljek Dünýä çempionatyna Ýewropadan gatnaşjak 13 ýygyndynyň kesgitlenjek saýlama oýunlarynyň C, E we F toparlarynda 4 duşuşyk geçirildi

699714
2018 FIFA Dünýä çempionatynyň Ýewropa saýlama oýunlarynda 4 duşuşyk geçirildi

C toparynda Germaniýa Azerbaýjan bilen oýnady. Germaniýanyň milli futbol ýygyndysy garşydaşynyň öýünde Azerbaýjanyň ýygyndysyny 4-1 hasabynda ýeňdi. Azerbaýjandan üstün çykan Germaniýanyň duşuşykdan soň baly 15 boldy.

C toparynda Çehiýa San-Marinonyň ýygyndysyndan 6-0 hasabyndan üstün çykdy. Çehiýanyň baly bu duşuşykdan soň 6-a ýetdi.

F toparynda bolsa Britaniýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Litwany 2-0 hasabynda ýeňdi. Balyny 13-e ýetiren Britaniýa öz toparynda öň hatarda barýar.

Ermenistan bolsa Gazagystanyň ýygyndy toparyndan 2-0 hasabynda üstün çykdy we balyny 6-a ýetirdi.



Degişli Habarlar