ABŞ-da “Gurhan sungaty: Türk we yslam eserleri muzeýi hazynalary” atly sergi açyldy

Sergi bolan gyzyklanma örän ýokary

595303
ABŞ-da “Gurhan sungaty: Türk we yslam eserleri muzeýi hazynalary” atly sergi açyldy
washington'da açılan kur’an-ı kerim sanatı sergisi.jpg
washington'da açılan kur’an-ı kerim sanatı sergisi.jpg
washington'da açılan kur’an-ı kerim sanatı sergisi.jpg

Amerikanyň Waşington şäherinde açylan “Gurhan sungaty: Türk we yslam eserleri muzeýi hazynalary” atly serginiň musulmanlar baradaky ters pikirleri ortadan aýyrmagyna garaşylýar.

Smithsonian institudynyň Freer ve Sacler muzeýindäki sergide her biriniň ýüzlerçe ýyllyk taryhy bolan 47 sany Gurhan sergilenýär.

Sergi bolan gyzyklanma örän ýokary.

Anadoly habarlar gullugynyň işgäri gelen myhmanlaryň käbiri bilen gürrüňdeş boldy.

Gelenler serginiň ABŞ-da yslamafobiýa garşy göreşe goşant goşajakdygyny bellediler.

Gelen adamlar amerikan halkynyň yslam dinini has gowy düşünmegi üçin bular ýaly sergileriň we işleriň köp geçirilmelidigini aýdyp, yslam bilen tanyşdygyň saýyn Gurhandaky ýüzlenmeleri we ol ýüzlenmelerdäki çuňlugy has gowy düşünjekdiklerini nygtaýarlar.



Degişli Habarlar