“Ismail we Roza” filmi Stambulda surata düşürilmäge başlandy

Film Türkiýeli we Gresiýaly sungady söýüjilere dostluk ýüzlenmesini bermegi maksat edinýär

527989
“Ismail we Roza” filmi Stambulda surata düşürilmäge başlandy

Gresiýaly ýazyjy Ýannis Ýanellisiň romanyna laýyklykdaky “Ismail we Roza” filmi Stambulda surata düşürilmäge başlandy.

Kino režisýor Panos Papahidžid tarapyndan surata düşürilýän film Türkiýeli we Gresiýaly sungady söýüjilere dostluk ýüzlenmesini bermegi maksat edinýär.

Film Izmir we Afini şäheri bilen Midilli adasynda surata düşürler.

Filmde baş rollarda Ýylmaz Gruda, Tasos Noussias, Ewgenia Dimitropoulou, Lida Protopsalt, Jem Aksal, Aýsan Sümerjan, Ýoulika Skafida  we Petros Lagoutis oýnaýar.

Film asyrlaryň dowamynda birlikde ýaşan türk we grek halkynyň 1920-njy ýyllardaky ilat çalşygyndan soň başdan geçiren wakalaryny gürrüň berýär.

Filmde Izmirde doglan we ýaşlyk ýyllaryny Izmirde geçirenden soň şäherden aýrylmaly bolan Roza bilen Izmirli Ismailiň syrry, birnaçe ýyl soň Rozanyň 28 ýaşyndaky agtygy Marianna arkaly paş edilýär.



Degişli Habarlar