Ani ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna dalaşgär

Taryhy ýeriň sanawa alynyp-alynmajagy şu ýylyň awgust aýynda belli bolar

515255
Ani ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna dalaşgär

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi 5 müň ýyllyk taryhy bolan gadymy Ani harabaçylygynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna alynmagy üçin herekete geçdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi taryhy ýeri ÝUNESKO hödürlemek üçin 2 günüň dowamynda taryhy Aniniň wideosyny almak üçin Kars welaýatyna 5 adamdan ybarat topary ugratdy.

Wideonyň dokumental film görnüşine öwürleninden soň Fransiýada ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlener.

Taryhy ýeriň sanawa alynyp-alynmajagy şu ýylyň awgust aýynda belli bolar.



Degişli Habarlar