Anadolyda 5 müň ýyllyk süňk tapyldy

Tapylan süňk Anadoly taryhyna yşyk tutar

487791
Anadolyda 5 müň ýyllyk süňk tapyldy

Taryhy 8 müň 500 ýyl ozala degişli bolan Izmirdäki Ýeşilowa gorganyndaky gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde 5 müň ýyllyk süňküň DNK nusgalary ýüze çykaryldy.

DNK-nyň derňelmegi bilen Anadoly taryhy bilen baglanşykly wajyp maglumatlaryň ýüze çykarylmagyna garaşylýar.

Gazuw-agtaryş işleriniň başlygy Zafer Derin Ýeşilowa gorganynynda gazuw-agtaryş işlerini geçirmekleriniň esasy maksatlarynyň diňe taryhy tapyndylary ýüze çykarmakdygyny, ilki bilen ylmy açyşlary etmek isleýändiklerini mälim etdi.



Degişli Habarlar