Ismaýilow Ýewropa ştanga çempionatynda altyn medallara eýe boldy

Ýewropa ştanga çempionatynda erkekleriň arasynda Türkiýäniň adyndan çykyş eden Daniýar Ismaýilow 3 altyn medala eýe boldy

470002
Ismaýilow Ýewropa ştanga çempionatynda altyn medallara eýe boldy

Norwegiýanyň Forde şäherinde geçirilen çempionat erkekleriň arasynda 69 kg agyrylygyndaky we zenanlaryň arasynda 58 kg agyrlygyndaky bäsleşikler bilen dowam etdi.

Erkekleriň arasynda 69 kg agyrlygynda bäsleşen Türkiýäniň adyndan çykyş eden ştangaçy Daniýar Ismaýilow birden galdyrmakda 155 kg, itip galdyrmakda 178 kg we iki görnüşiň jemi boýunça 333 kg agramy galdyrmagy başaryp 3 görnüş boýunça hem altyn medallara eýe boldy.

Çempionatda şu gün 77 kilogram agram boýunça Türkiýäniň adyndan Sadrettin Gedik bäsleşer.



Degişli Habarlar