35-nji Stambul kino-film festiwaly aprel aýynyň 7-17-si aralygynda geçiriler

Festiwalyň çäginde 10 sany gysga, 24 sany synag, 187 sany uzyn metražly filme orun berilýär. Festiwalda 25 bölümde 62 ýurtdan 223 režisýoryň filmlerini kino söýüjileriň dykgatyna ýetirer

452383
35-nji Stambul kino-film festiwaly aprel aýynyň 7-17-si aralygynda geçiriler

Şu ýyl ilkinji gezek Milli gysga film bäsleşigi hem geçiriler.

Režisýor Jan Ewrenol, aktrisa Hazal Kaýa we DokuFestiň müdiri Nita Dedadan ybarat bolan emin agza topary tarapyndan seçilip alynjak “İň çeper gysga filme" 5 müň lira baýrak beriler.

Şol sanda Halkara kin tankytçylary bileleşiginiň emin agzalary hem bäsleşige gatnaşýan filmlerden birine baýrak gowşurar.

Ýewropa Geňeşiniň hyzmatdaşlyk etmeginde 10 ýyldan bäri dünýäde diňe Stambul fesitiwalynda geçirilýän “FACE Ýewropa Geňeşi Kinoda Adam Hukuklary Bäsleşigi" şu ýyl “Eurimages" gaznasynyň goldaw bermeginde bäsleşige gatnaşýan 10 filmden birinji orny eýelänine 10 müň ýewro pul baýragyny berer.

Şol sanda festiwalyň çäginde “Altyn läle", “Seýfi Teoman", “Audentina", “Sineýewropa" baýraklary hem eýelerine gowşurylar.



Degişli Habarlar