TRT-niň habarçysy Jewdet Jantürke ýörite sylag berildi

Türkiýäniň Düzje welaýatynda ýerli metbugat işgärleri media sylaglary gijesinde jemlendiler

436752
TRT-niň habarçysy Jewdet Jantürke ýörite sylag berildi

Düzjede Ýaş eller jemgyýeti tarapyndan “Ýerli media sylaglar" berildi.

Sylaglaryň kime beriljekdigi internediň üsti bilen geçirilen ses berilşikde belli boldy. Ses berilşige on müňlerçe adam we emin agzalar gatnaşdylar.

Sebitdäki ýerli gazedi döreden we 2013-nji ýylda ýogalan Bedrettin Maraditiň ýagty ýadygärligine geçirilen çärä gatnaşanlar köp boldy.

Dabarada TRT-niň habarçysy Jewdet Jantürk-e ýörite sylag berildi.



Degişli Habarlar