Mugla Türkiýäniň Golliwudy bolmaga dalaşgär...

Welaýatda geçen ýyl düşürilen filmleriň we telesreiallaryň sany şu ýylkydan 2 esse az

356004
Mugla Türkiýäniň Golliwudy bolmaga dalaşgär...

Tebigy gözellgigi we gadymy ýädygärlikleri bilen özüne maýyl edýän we her ýyl ýüz müňlerçe syýahatçynyň gelýän Mugla şäheri kino-film alynýan merkeze öwrüldi.

Şu ýylyň dowamynda Mugla welaýatynda 12 teleserial filmi, 19 kino-film, 9 dokumental film we 18 syýahatçylyk we telewideniýa gepleşikleri düşürildi.

Welaýatda geçen ýyl düşürilen filmleriň we telesreiallaryň sany şu ýylkydan 2 esse az. 

Tanymal aktýor Türkan Şoraýyň ýolbaşçylygynda alynan “Daş ýerlerde gözleme” filmi bilen, režissýor Ýüksel Aksunyň “Agzaçar üçin soda suwy” atly filmleri hem Muglada düşürildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar