Türkiýe-İzlandiýa bäsleşigi şu gün Konýada bolar

Türk milli ýygyndy futbol komandasy 2016-njy ýyldaky Ýevropa çempionadynyň seçip alyş tapgyrynyň A toparyndaky onunjy ve soňky bäsleşiginde şu gün agşam (sişenbe) İzlandiýa bilen Konýa velaýatynda bäsleşer

391548
Türkiýe-İzlandiýa bäsleşigi şu gün Konýada bolar

Konýanyň şäher stadionynda ýerli vagt boýunça 21:45-de başlajak bäsleşigi İtaliýanyň Futbol federasiýasyndan Gianluka Rojji gönükdirer. A toparynda oýnaljak günüň beýleki oýunlarynda bolsa Gollandiýa bilen Çeh Respublikasy ve Litva bilen Gazagystan bäsleşer.
Ýevropa çempionadynyň seçip alyş bäsleşiklerinde soňky oýunyny İzlandiýa bilen oýnajak Türkiýäniň play-offlara galmak üçin şu gün agşamky bäsleşikden 1 bal almagy ýa-da Gollandiýanyň Çeh Respublikasyna utdurmagy ýeterlik bolar. Beýleki tarapdan türk milli ýygyndy komandasynyň 3-nji başarjaň komanda hökmünde 2016-njy Ýevfropa çempionadyna gönüden gatnaşma mümkinçiligi hem dovam edýär. Türkiýe İzlandiýany Konýa ýeňen halatynda ve Gazagystan Latviýa ýeňip 5-nji bolan halatynda Türkiýe Fransiýadaky finala play-off oýnaman gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar