Stambul bienaly 5-nji sentýabrda açylýar

Bienal 1-nji noýabra çenli dowam eder

374085
Stambul bienaly 5-nji sentýabrda açylýar

Stambul Bienaly üçin taýarlyklar tamamlandy.
Stambulyň şu günki güne çenli iň köp ýerde geçirilýän, köp sanly sungat ussadynyň gatnaşýan bienaly boljak 14-nji Stambul bienaly 5-nji sentýabrda açylýar.
Stambul Medeniýet we sungat gaznasy tarapyndan geçiriljek 36 ýerde 1500 sungat ussadyny özünde jemlejek bienal düýn dabaraly ýagdaýda metbugat işgärlerine tanyşdyryldy.
5-nji sentýabrda resmi taýdan açyljak bienal 1-nji noýabra çenli dowam eder.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar