Fenerbahçe Atromitosdan üstün çykdy

Türkiýäniň Fenerbahçe futbol komandasy UEFA Ýewropa ligasynyň Play-off tapgyrynda Gresiýanyň Atromitos komandasyndan 3-0 hasabynda üstün çykdy

370821
Fenerbahçe Atromitosdan üstün çykdy

Fenerbahçeniň Şükrü Saraçogly adyndaky sport desgasynda oýnalan bäsleşikde Fenerbahçe 7 we 78 minutlarda Fernandonyň we 59 minutda Janer Erkiniň gollary bilen üstünlik gazandy.

Ilkinji oýunda hem garşydaş komandany 1-0 hasabynda ýeňen Fenarbahçe UEFA Ýewropa ligasynyň toparara bäsleşiklerine gatnaşmaga mümkinçilik gazandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar