Trabzonspor şu gün Differdange bilen bäsleşer

Türkiýäniň Trabzonspor futbol komandasy şu gün Lýuksemburgyň Differdange komandasy bilen bäsleşer

346914
Trabzonspor şu gün Differdange bilen bäsleşer

Trabzonspor Differdange bilen geçiren ilkinji bäsleşiginde 1-0 hasabynda üstün çykypdy.

Ikinji bäsleşik bu gezek garşydaşynyň öýünde Lýuksemburgda geçiriler. Şu gün oýnaljak bäsleşik Türkiýäniň wagty bilen sagat 20:00-da başlar.

Türkiýäniň futbol komandasynyň Baş tälimçisi Şota Arweladze ilkinji bäsleşikde garaşylan netijäni alamandyklaryny, 2-nji bäsleşikde türgenleriň has hem netijeli oýnamaklaryna garşýandygyny belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar