Türkiýe Russiýadan üstün çykdy
Türkiýäniň Milli woleýbol ýygyndysy ýarym finalda haýsy ýygyndy bilen basleşjegi 25-nji iýunda belli bolar
315817
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda dowam edýän 1-nji Ýewropa oýunlarynda şu gün oýnalan woleýbol boýunça çärýek finalda Türkiýäniň Milli woleýbol ýygyndysy Russiýanyň ýygyndysy bilen bäsleşdi.
Tükiýäniň ýygyndysy 2 sagat 3 minut dowam eden bäsleşikde garşydaşyndan 3-1 (25-18, 23-25, 25-22 we 25-19) hasabynda üstün çykmagy başardy we adyny ýarym finala ýazdyrdy.
Türkiýäniň Milli woleýbol ýygyndysy ýarym finalda oýnajak ýygyndysy 25-nji iýunda penşenbe güni geçiriljek Azerbaýjan-Gollandiýa bäsleşiginde belli bolar.
Degişli Habarlar
Alanýa kruiz gämi geldi
Alanýanyň portyna baran gäminiň düzüminde aglabasy ABŞ-ly bolan 1973 ýolagçy we 785 işgär bar