Teatr we kino ussady Zeki Alasýa 72 ýaşynda aradan çykdy

Ýarawsyzlygy sebäpli 22-nji aprelden bäri bejergi alan sungat ussady 72 ýaşynda dünýeden ötdi

267178
Teatr we kino ussady Zeki Alasýa 72 ýaşynda aradan çykdy

1959-njy ýylda sungata baş goşan Zeki Alasýa teatrda aktýor, ýazyjy, režisýor bolup işledi. 1973-nji ýylda kino sungady bilen gyzyklanmaga başlady we 37 ýyl işledi.
1998-nji ýylda “Döwlet sungat işgäri” adyna eýe bolan Alasýa, 2010-njy ýylda “Altyn apelsin” ömür boýy buýsanç baýragyna laýyk görülipdi.
Beýik ussadyň aradan çykmagy sebäpli Prezident R.T.Erdogan duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap edip: “Hormatly sungat ussadymyz Zeki Alasýany hormat bilen hatyralaýarys. Hossarlaryna, dost-ýarlaryna, sungat dünýämize duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.
Prezident Erdogan ýüzlenmesinde: “Eziz milletimiziň köňlünde tagt guran merhum sungat ussadymyz elmydama söýgi we hormat bilen hatyralanar” diýip nygtady.
Mejlisiň Başlygy Jemil Çiçek hem Zeki Alasýa üçin: “Türkiýe beýik aktýoryny ýitirdi. Emysama göreldeli adam boldy. Ýaş sungat işgärler üçin nusgawy özboluşlyga eýe bolan Zeki Alasýa alladan rehnet dileýärin” diýdi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik hem ýüzlenmesinde: “Türk teatr we kino ussady Zeki Alasýanyň aradan çykmagyna uly gynanç bildirýärin. Baýry sungat ussadymyzyň aradan çykmagy ýurdumyz üçin uly ýitgidir” diýdi.
ÝB ministri Wolkan Bozkyr hem sosial medi hasaby arkaly Zeki Alasýanyň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi.
Ministr Bozkyr: “Türk kinonyň we teatrynyň ussat aktýory, režisýor Zeki Alasýa alladan rehnet, hossarlaryna sabyr we saglyk dileýärin” diýip, ýazdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar