Nimetzadäniň sungat älemindäki 50 ýyllyk ýubileýi
Türk medeniýetini bütin dünýä tanyşdyran sungat ussady Eflatun Nimetzadäniň sungat älemindäki 50 ýyllyk ýubileýi Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirildi
138653
Türk medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan geçirilen agşama uly gyzyklanma bardy.
Türk medeniýetini bütin dünýä tanyşdyrmagyň buýsanjyny eýe bolan Nimetzade doglan gününiň 70 ýyllygyny we sungat älemindäki 50 ýyllyk ýubileýini bilelikde belläp geçmegiň tolgunmasyny başdan geçirdi.
Nimetzade dabaraly agşamda sözlän sözünde “Türk dünýäsine köňül bermek bagtyýarlykdyr. Çünki şol söýgüni kalbynda ýaşadýan adam bagtlydyr” diýdi.
Agşamda sahna çykan azerbaýjanly sungat ussatlary ýerine ýetiren aýdymlary bilen myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirtdi.
Degişli Habarlar
Türkiýäniň Radio-Telewideniýe Guramasy Sylaglandy
TRT halkara “Telly Awardsda” “Habar we maglumat” ugry boýunça “Gümüş Telly” baýragyna laýyk görüldi.