Halkara media okuw seminary öz işini tamamlady

TRT şuňa meňzeş okuw seminarlaryny dowam etdirer

190715
Halkara media okuw seminary öz işini tamamlady

TRT we TİKA tarapyndan geçirlen Halkara media okuw seminary öz işini tamamlady.
38 ýurtdan 170 adamyň gatnaşmagynda geçirlen okuw seminarynda radio, telewideniýe we sosial media ugurlarynda dersler berildi.
TRT şuňa meňzeş okuw seminarlaryny dowam etdirer.
2 hepde dowam eden okuw seminarynda habar, kemara, söhbetdeşlikler we sosial media boýunça dersler berildi.
Ýunus Emre instituty tarapyndan seminara gatnaşyjylara türkçe dersler hem berildi.
TRT daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda şuňa meňzeş okuw seminarlaryny dowam etdirmegi maksat edinýär.
TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka “TRT-niň halkara derejesinde bilim merkezi hökmünde kabul edilmegi üçin tagalla edýäris. İkinjisi hem bu ýere biziň okuw seminarymyza gatnaşan ýoldaşlarymyz ýurtlaryna gaýdyp baranlaryndan soň Türkiýä dost bolsunlar, Türkiýe bilen türkçe bilen ýakyndan gyzyklansynlar” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar