Stambul Şäherine 4 Aýda 5 Million 244 Müň Syýahatçy Geldi

Şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyn degişli döwrü bilen deňeşdirilende 9,94 göterim artdy.

2145300
Stambul Şäherine 4 Aýda 5 Million 244 Müň Syýahatçy Geldi

Dünýäniň iň köp syýahat edilýän şäherlerinden biri bolan Stambul şäherine gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, Stambul şäherinde ýanwar, fewral, mart we aprel aýlaryny öz içine alýan 4 aýlyk döwürde daşary ýurtly 5 million 244 müň 936 syýahatçy geldi.

Şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyn degişli döwrü bilen deňeşdirilende 9,94 göterim artdy.

Aprel aýynda Stambul şäherine gelen syýahatçylaryň sany 14,60 göterim artdy. Aprel aýynda Stambul şäherine daşary ýurtly 1 million 478 müň 218 syýahatçy geldi.

Stambul şäherinde aprel aýynda Russiýadan 167 mün 824, Germaniýadan 109 müň 202, Eýrandan 80 müň 193, ABŞ-dan 68 müň 103 adam geldi.

 



Degişli Habarlar