1800 ýyl ozalky mozaikalar tapyldy

Gadymy Zeugma şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri öz netijesini berýär

178310
1800 ýyl ozalky mozaikalar tapyldy

Gaziantep welaýatynyň häkimi Fatma Şahin, dünýäniň ünsüni sebite çekmek üçin degişli işleriň alynyp baryljakdygyny aýtdy.
Taryhy Zeugma şäherinde täze taryhy eksponatlar tapyldy. 3 aý dowam eden gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde biziň eýýamymyzyň 2-nji asyryna degişli ýerzemin mozaikalary tapyldy.
60 adamlyk topar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde döwrüň saýlama zenanynyň suraty çekilen mozaikalar çykaryldy.
Gazuw-agtaryş işleri medeniýet we syýahatçylyk ministrligi ilen Gaziantep welaýat häkimliginiň hematynda geçirildi.
Gaziantep welaýat häkimi Fatma Şahin “Şeýle gowy çekilipdir we daşlar şeýle ussatlyk bilen bezelikdir welin, reňkleri, estetikasy, grafikasy bilen baý medeni mirasa ýer eýeçiligini edýäris” diýdi.
Fatma Şahin Zeugmanyň bütin adamzada hyzmat etmegi üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar