Halkara 25-nji Ankara film festiwalynda baýraklar eýelerine gowş

Festiwalda “Departament” filmi 9 bäsdeşiniň arasyndan saýlanyp “İň gowy film” baýragyna eýe boldy

96003
Halkara 25-nji Ankara film festiwalynda baýraklar eýelerine gowş

Režisýor Atyl İnanjyň “Departament” filmindäki rollary bilen Nazan Kesal iň ussat aktrisa, Fatih Al iň ussat aktýor we Erol Babaogly iň ussat kömekçi aktýor baýraklaryna eýe boldy.
Üstünlik gazanan beýleki bir film bolsa “Aýdym aýdýan aýallar”.
Reha Erdemiň režisýorlygyndaky film iň ussat režisýor, Deniz Hazgüler bolsa iň ussat kömekçi aktrisa baýraklaryna laýyk görüldi.
Şeýle-de film iň gowy panorama, iň ussat sungat müdiri we iň gowy ses grafikasy baýraklaryna-da laýyk boldy.
Dokumental film bäsleşigine bolsa 11 film gatnaşdy.
Birinji ýere “Tepejik Hyýal Mekdebi” atly dokumental filmi bilen Güliz Saglam laýyk boldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar