Ulubeý kaniony syýahatçylyga açylar

Dünýäniň ululyk taýdan ikinji kaniony Uşagyň Ulubeý etrabynda ýerleşýär

88313
Ulubeý kaniony syýahatçylyga açylar

75 metr uzynlygy bolan Ulubeý kaniony etrabyň golaýyndan geçýänlere emele getirýän dik we öwrümli jülgeleri bilen wizual şou ýaly görünýär.
Ulubeý kanionynyň syýahatçylyga açylmagy üçin degişli taýarlyklar görülýär.
Ulubeý kaniony ABŞ-daky Uly kaniondan soň ikinji ýerde durýar.
Uşagyň Banaz etrabyndan başlap Denizli welaýatyna çenli uzap gidýän Ulubeý kaniony etrabyn in ýakyn nokatyndan 100 metr giňlige we 170 metr çuňluga çenli baryp ýetýär.
Ulubeý deresi we Banaz çaýynyň ugrunda uzap gidýän kanion syýahatçylyk taýdan uly geljege eýe.
Geçen ýyl tokaý we suw hojalygy ministrligi tarapyndan Tebigy seýilgäh yglan edilen Ulubeý kanionynda düşlemek üçin agaç öýler gurduryldy.
Ulubeý kanionynda syýahatçylar üçin aýnadan synlaýyş terassasy gurlar.
Taslamanyň çäginde 1 sany sosial desga, 8 müň inedördül metr meýdanda peýzaž işleri we 110 inedördül metr ululygynda asma köprä meňzeş aýna terassa gurlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar