"Gyş ukusy" Altyn Palma laýyk görüldi

Meşhur türk režisýory Nuri Bilge Jeýlan 67-nji Kan film festiwalynda “Gyş ukusy” atly filmi bilen Altyn Palma baýragyna laýyk görüldi

73164
 "Gyş ukusy" Altyn Palma laýyk görüldi

Baýragyny amerikaly meşhur režisýor Kuentin Terantinodan alan Jeýlan, baýragyň türk kinosynyň 100-nji ýylynda alynmagynyň şatlykly duýgy bolandygyny aýtdy.

Nuri Bilge Jeýlan dabarada sözlän sözünde “Baýragyny Türkiýede soňky 10 ýylda ýogalan ýaşlara we Somada pida bolan magdançylara bagyşlaýaryn” diýdi.

Filmde Kapadokiýada öz dünýäsinde ýaşaýan hormatly dynç alyşdaky aktýoryň durmuşy beýan edilýär.

Baş rolunda Haluk Bilgineriň oýnan filminde Demet Akbag, Melisa Sözen we Nežat İşler hem oýnaýar.

Türkiýe Altyn Palma baýragyna 1982-nji ýylda “Ýol” atly film bilen laýyk görülipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar