Ysraýylyň hüjümleri Gazanyň howanyň çalşygynyň öňündäki gowşaklygyny ýokarlandyrýar

Bilesigelijiniň Bellikleri

2063496
Ysraýylyň hüjümleri Gazanyň howanyň çalşygynyň öňündäki gowşaklygyny ýokarlandyrýar

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri hüjümlerini dowam etdirýän Gazada asuda ilatdan müňlerçe adam ýogalan bolsa, sebitdäki weýrançylyk daşky gurşaw we jemgyýetçilik saglygy betbagtçylygyny hem gün tertibe getirdi.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Ysraýylyň hüjümleri Gazanyň howanyň çalşygynyň öňündäki gowşaklygyny ýokarlandyrýar atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Palestinanyň Daşky gurşaw raýat guramalary ulgamynyň utgaşdyryjysy Abeer Butmeh, global klimat krizisiniň täsirleriniň duýulýan Gazada şolaryň üstüne Ysraýylyň hüjümleriniň goşulandygyny, soňky guralan hüjümleriň bolsa uzak möhletde daşky gurşaw bilen bagly çynlakaý ýaramaz netijeleriniň boljakdygyny habar berdi.  

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri hüjümlerini dowam etdirýän Gazada asuda ilatdan müňlerçe adam ýogalan bolsa, sebitdäki weýrançylyk daşky gurşaw we jemgyýetçilik saglygy betbagtçylygyny hem gün tertibe getirdi. Uzak ýyllardan bäri howanyň çalşygynyň netijeleriniň hasaba alynýan Gazanyň halky, hüjümler sebäpli esasan hem suw çeşmelerine elýeterlilik kynçylygyny başyndan geçirýär.

Ysraýylyň hüjümleri Gazanyň howanyň çalşygynyň öňündäki gowşaklygyny ýokarlandyrýar

Gazada 1 million adam suw ýetmezçiligini başyndan geçirýär.

Suw çeşmeleriniň aglabasy Ysraýylyň gözegçiligi astynda.

Suw arassaçylyk desgalary elektrik toklar bolmandygy üçin işlemeýär.

Howanyň çalşygy Ysraýylyň hüjümleri bilen birleşmegi bilen ekerançylyk meýdanlary guraýar.

Oba hojalyk we maldarçylyk işleriniň dowamlylygy kynlaşýar.

Suw ýetmezçiligi sebäpli ekilen meýdanlar suwlananok.

Zyňyndy suwlar arassalanmadan deňize boşadylýar.

Çaknyşyklar gurakçylygy artdyrýar we şeýlelik bilen biri-birinden tapawutly mör möjekleriň we zyýanly parazitleriň artmagyna sebäp bolýar.

Palestinanyň Daşky gurşaw raýat guramalary ulgamynyň utgaşdyryjysy Abeer Butmeh howanyň çalşygy sebäpli Palestinanyň gurakçylyga we ýagyşyň azlygyna garşy göreş alyp barýandygyny, yssy howanyň tomus aýlarynda örän artandygyny, gyş aýlary bolsa peselendigini habar berdi.

Abeer Butmeh  ýagyşyň ýygylygynyň soňky 14 ýylda azalandygyny, yssy howada we ýagyşda başdan geçirilen üýtgeşmeleriň oba hojalyk ekinlerinde we ýerasty suwlaryň derejesinde täsirlidigini beýan etdi.

"Palestinalylar iki howp astynda ýaşaýarlar: Ysraýylyň basyp alyşlygy we howanyň üýtgemegi"

Guralýan soňky hüjümleriň uzak möhletde daşky gurşaw taýdan täsiriniň boljakdygyny aýdan Butmeh: “Onuň täsirlerini toprakda, suwda, deňizde, howada we elbetde iň möhüm bolany adamyň saglygynda göreris. Häzirki wagtda Ysraýyl Gazadaky suw çeşmelerini kesdi we Gazada arassa agyz suwy gutardy” diýip aýan etdi.

Abeer Butmeh: "Palestinalylar iki howp astynda ýaşaýarlar: Ysraýylyň basyp alyşlygy we howanyň üýtgemegi. Biz Ysraýylyň çäklendirmeleri dowam etdigi saýyn howanyň çalşygynyň täsirlerine garşy göreş alyp baryp bilmeýäris. Bir palestinaly hökmünde howanyň çalşygyna öwrenişmek üçin tapawutly çözgütler tapmaga synanyşýaryn. Palestinalylar hökmünde öz suw çeşmelerimizden gelýän suw hakymyza ýetmek üçin göreşýäris. Ähli bu çäklendirmelere garamazdan çözgüt tapmak üçin zähmet çekmäge dowam ederis. Palestinada klimat boýunça adalata ýetmek üçin elimizden geleni edýäris, emma basyp alyşlyk astynda bir klimat adalaty hem bolmaýar" diýip belledi.

Habar Çeşmesi: Anadoly habarlar agentligi.   

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Ysraýylyň hüjümleri Gazanyň howanyň çalşygynyň öňündäki gowşaklygyny ýokarlandyrýar atly temanyň üstünde durup geçdik.


Etiketkalar: #howa , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar