Türkmen Gazynyň Türkiýä we Ýewropa Akdyrylmagy

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan Döwlet Ýolbaşçylarynyň 1-nji Sammiti" Awazada Geçirildi.

1919886
Türkmen Gazynyň Türkiýä we Ýewropa Akdyrylmagy

Russiýa-Ukraina söweşinden soň energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýän Ýewropanyň energiýa howpsuzlygy taýdan türkmen gtazynyň Trans Anadoly Tebigy Gaz Geçirijisi bilen Türkiýä we Ýewropa akdyrylmagyny “taryhy waka” hökmünde häsýetlendirýän bilermenler, materikde ýerleşýän ýurtlaryň energiýa ýetmezçiligini ortadan aýyrmak we ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bu başlangyjyň goldanmalydygyny beýan etdiler.

Prezident R.T.Erdogan we Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýew öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýer eýeçiliginde Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan Döwlet Ýolbaşçylarynyň 1-nji Sammitinde” duşuşdylar we türkmen gazynyň Türkiýe hem-de Ýewropa akdyrylmagy üçin üç ýurduň arasnda “Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga” gol çekişipdi.

Oxford Energiýa İnstitutynyň bilermeni Gulmira Rzaýewa mesele hakynda “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýanatynda, Türkmenistanyň baý tebigy gaz ätiýajyna eýedigini we her ýyl Russiýa hem-de Hytaýa milliardlarça m3 tebigy gaz eksport edýändigini aýtdy.

Rzaýewa türkmen gazynyň ilki Azerbaýjana, ol ýerden hem TANAP arkaly Türkiýä we Ýewropa suwklandyrylan gaz görnüşinde akdyrylmagynyň gymmatynyň amatly däldigini, emma turba geçiriji ugry bilen onuň amatly boljakdygyny mälim etdi.

Şol başlangyjyň çäginde Türkmenistanyň guryýerdäki we Hazar deňizindäki desgalarynda gaz önümçilik ýerlerine goşmaça maýa goýumyň goýulmalydygyna ünsi çeken Rzaýewa, Türkmenistanyň ozalam tebigy gaz satuwy boýunça isleglidigini, emma Russiýanyň basyşy sebäpli bu ugurda başlangyç etmänsdigini aýtdy.

Rzaýewa Türkiýäniň syýasy we harby taýdan Türkmenistany goldamakda ygrarlydygyna ünsi çekip; “Şol sebäpli şu gün bu taryhy pikir iş ýüzüne geçirildi. Men muny taryhy waka hasaplaýaryn” diýdi.

Türkmen gazynyň Türkmenistandan, Azerbaýjandan we Türkiýeden emele geljek konsorsium bilen ilki 10 milliard m3 mukdarda akdyrylyp bilinjekdigini nygtan Rzaýewa, türkmen gazynyň Türkiýe üçin beýleki bir gaz üpjün ediji ýurtlara garalanda has amatly boljakdygyny beýan etdi.

Rzaýewa türkmen gazynyň amatly nyrhdan alynmagynyň Türkiýäniň gaz alýan başga ýurtlarynyň öňünde pozisiýasyny güýçlendirjekdigini beýan edip; Ol hem Türkiýäni dünýäniň senagat taýdan iň baý ýurduna öwürer. Türkiýe onsuz hem ýokary mukdarda önüm öndürýär, eksport edýär, emma onuň üçin gaz gerek. Eger Türkiýäniň gazy bolaýsa, Germaniýanyň ýerine geçer. Gelejekde türkmen gazy alynyp bilner. 30 milliard m3 gaz bermäge Türkmenistanyň mümkinçiligi bar. Ol elbetde Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa eksport hem ediler” diýdi.

Ýewropa bu başlangyjy goldamaly

 Ortaýer deňizi ýurtlarynyň energetika firmalarynyň bileleşiginiň Nebit we gaz bölüminiň Direktory Sohbet Karbuz bolsa türk gazy boýunça geçirilen sammiti “ajaýyp waka” hökmünde häsýetendirip, Türkmenistandan we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Dostluk käninden akdyryljak gazyň mukdary kesgitlenmelidigini aýtdy.

Mundan soň bolsa gazyň akdyrylmagy üçin gerek bolan tehniki we infrastruktura işleriniň alynyp barylmaldygyny we onuň hem belli bir wagt we çykdajy manysyny aňladýandygyny nygtan Karbuz, türkmen gazynyň turba geçiriji bilen Ýewropa akdyrylmagy hakynda; “Ýewropadaky energiýa ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagyna goşant goşar. Ýewropa bu taslamany goldamaly. Sebäbi Ýewropa üçin Günorta gaz geçelgesi ileri tutulýan taslamadyr” diýdi.

Türkmenistan Russiýa we Hytaýa 2021-nji ýylda 40 milliard m3 -dan gowrak gaz eksport etdi.

Türki döwletleriň guramasyna synçy agza bolan Türkmenistan dünýäniň esasy gaz üpjün edijilerinden biri. Türkmenistanyň 13,6 trillion m3 kesgitlenen gaz ätiýajy bar.

Türkmenistan 2021-nji ýylda 79,3 milliard m3 gaz öndüren bolsa, şonuň 36,7 milliard m3-ny sarp etdi. Hytaýa 31,5 milliard, Russiýa bolsa 10,5 milliard m3 gaz eksport etdi. Şol sanda Eýrana hem tebigy gaz eksport edilýär.

Türkiýe türkmen gazy üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Prezident R.T.Erdogan Türkmenistanda geçirilen döwlet ýolbaşçylarynyň sammitinde sözlän sözünde; “Türkmen tebigy gazynyň hem günbataryň bazarlaryna akdyrylmagy üçin indi işe girişeliň. Hazardaky Dostluk gaz käninde-de türkmen we azerbaýjanly doganlarymyz bilen hyzmatdaşlyga biz taýýar” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem türkmen tebigy gazynyň üç ýurduň bähbidine bolan başlangyçlary etmäge taýýardyklaryny beýan edip, iş toparynyň döredilmegi hakynda karara gelendiklerini aýdypdy.


Etiketkalar: #Hepdäniň Syny

Degişli Habarlar