Süňkleriň saglygy we osteoporoz üçin tebigy çözgüt maslahatlary

Saglygym baýlygym

1858358
Süňkleriň saglygy we osteoporoz üçin tebigy çözgüt maslahatlary

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Süňkleriň saglygy we osteoporoz üçin tebigy çözgüt maslahatlarynyň üstünde durup geçmekçi.

  • Sarymsak: Her gün 1 doza sarymsak iýmek hem osteoporoz hem-de osteoartrit howpyny azaltmagyňyza kömek berer.
  • Alma: Her gün 1 sany alma iýmek osteoporozy gözegçilik astynda saklap biler. Antioksidantlaryň täsin birleşmesi almany süňkiň saglygy taýdan güýçli bir elemente öwürer.
  • Rozmarin: Rozmariniň birnäçe  şahajygyny salatlara, ýagny işdäaçarlaryňyza goşmagyňyz, spesiýa (Huruş) hökmünde naharlaryňyzda ulanmagy endik edinseňiz ýa-da rozmarin çaýyny içmegiňiz süňkleriňiz üçin örän peýdalydyr.
  • Kokos ýagy: Kokos ýagy hem osteoporoz keseline garşy peýdaly azyklaryň biridir. Arassa kokos ýagyndan 1 çaý çemçesini sarp etmek osteoporozyň öňüni almak üçin peýdalydyr. 
  • Ananas:Ananas osteoporozyň öňüniň alynmagynda we bejergi edilende peýdaly bolan marganets mineraline baýdyr. 
  • Petruşka: Petruşka süňkleriň saglygy üçin gerek bolan K witaminine baýdyr. Geçirilen ylmy-derňewler K witaminine baý bolan azyklary iýmek süňkleriň döwülmegini azaldyp bilýär.  
  • Şalfeý: Düzüminde K witamini bolan şalfeý süňkleriň saglygynda uly rol oýnaýar.  Şol witaminiň ýetmezçiligi süňkleriň inçelmegine ýa-da döwülmegine eltýär.
  • Timýan: Timýan ýagynyň süňk ýetmezçiligine garşy potansial goragçy täsirine eýedigi kabul edilýär.

Oregano ýagy osteoporoz keseline garşy rozmarin ýagyndan has täsirlidigi bilinýär. 

  • Ukrop oty: Ukrop oty bogun we süňk agyrylaryna garşy peýdalydyr. Ukrop otunyň tohumlary süňk agyrysyny aýyrmak üçin masaž etmek üçin ulanylyp biliner. Ukrop oty, sowuklamany we agyryny azaldýan sowuklama garşy aýratynlyga eýedir. Ukrop oty şeýle hem süňkleriň ösmegine we özgermegine kömek berýär.
  • Rukola: Rukola oty, kalsiý we K witami bilen birlikde süňkleriň saglygy taýdan ençeme adaty azyk madda baýdyr.
  • Sogan: Soganlaryň düzüminde bar bolan kükürt birleşmeleri süňklerdäki kollageni güýçlendirýär.
  • Garaly: Garaly süňkleriň minerallaryny gowylaşdyrmaga kömek berýändigini subut etdi.
  • Kakadylan Garaly: Kakadylan garaly süňk-myşsa massasyny artdyrýar. Şol sebäpli esasy naharlardan daşary garbanmalarda kakadylan garalyny sarp edip bilersiňiz. Kakadylan garaly osteoporoz keseliniň we süňkleriň döwülmeginiň öňüni almagyna kömek berýär.
  • Süýt: Kalsiý elementine baý bolan süýt bäbeklik döwründen başlap süňkleriň saglygy üpjün edýär. Gündelik ýagdaýda süýdüň sarp edilmegi osteoklaz keselini ortadan aýyrar.
  • Badam (Mindal): Badam ýokary derejede kalsiý elementini özünde jemleýär. Süýn bilen badam bilelikde sarp edilip biliner.
  • Fenhel: Fenheliň düzümindäki witaminler we minerallar, süňkleriň gurluşyny we güýjüni emele getirmäge we goramaga ýardam berer.
  • Ýogurt: Hem süňkleriň saglygyny hem-de iýmit sňdiriş ulgamyny goraýar. Has güýçli süňkler üçin her gün 1 käse ýogurt iýmelidir. 
  • Limon: Limonly suw, limonly işdäaçar (salat) we öýde ýasalan şekersiz limonat, süňkleriň saglygy üçin peýdalydyr. 
  • Balyk: Düzüminde Omega 3 bolan balyklaryň sarp edilmegi hem ýürege hem-de süňkleriň saglygyna peýdalydyr.
  • Ysmanak: Myşsalaryň we süňkleriň emele getirilmegini üpjün edýändigi üçin ysmanak osteoporoz keseliniň duşmanydyr.
  • Koriandr tohumy: Demir, magniý, kaliý we kalsiý elementlerine baý bolan koleandr, süňkleriň eremegine (Osteoporoz) garşy sar edilmelidir. 2 çemçe koleandr tohumy bir stakan suwda gaýnadyň we sowanyndan soň, süzüp içiň. 
  • Brokkoli: Brokkolini örän az suwda gaýnadyp sarp etmek Osteoporozyň öňüni alýar. Brokkoliniň suwuny içmek we özüni iýmek maslahat berilýär.
  • Zygyr tohumy: Esasan hem menapauza döwründäki zenanlaryň zygyr tohumuny sarp etmegi peýdalydyr. Zygyr tohumynyň ýagyny naharlaryňyza goşup bilersiňiz.   
  • Kirkkilit oty: Osteoklaz keseliniň başlangyjynda bolan adamlar her gün bir stakan Kirkkilit otunyň çaýyny sarp etmelidir. Bir litr suwyň içine 1 nahar çemçesi kirkkilit otuny atylanyndan soň, 5 minutlap şony gaýnatmalydyr. 20 minut sowanyndan soň, 1 stakan içiň. Dowamly häsýetde sarp edilen halatynda şol ergin süňklere peýdasy bolýar.

Eziz ildeşler, Siz Dr. Mehmet Uçar tarapyndan taýarlanan Saglygy baýlygym gepleşigini okadyňyz. 



Degişli Habarlar