Ýellenme sebäpli ýüze çykýan sanjylaryň tebigy çözgütleri
Saglygym Baýlygym
Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Ýellenme sebäpli ýüze çykýan sanjylaryň tebigy çözgütlerihakynda söhbet etmekçi.
Sindiriş ulgamynda ýüze çykýan käbir näsazlyklar sebäpli ýellenme sanjysy wagtal-wagtal köpümizi biynjalyk edýär.
Ýellenme sanjysy näme sebäpli ýüze çykýar?
Bedeniň azyklara garşy görkezýän reaksiýasy, allergiýa
Uzak wagtlap hereketsiz bolmak
Howa ýuwutmak
Möhleti gutaran azyklary iýmek
Köp süýmli azyklardan aşa köp iýmek
Azyklary ýeterlik çeýnemän ýuwutmak
Içegelerde ýüze çykýan ýarawsyzlyk
Aýaklaryň we garynyň üşemegi
Ýagly we hoşboý ysly azyklary sarp etmek
Aşa mukdarda süýt içmek
Gazly we şekerli azyklar
Zyýanly endikler ýellenme sanjysyna sebäp bolup bilýär.
Ýellenme sanjysyna tebigy çözgütler:
Zenjebil
Zenjebil ýellenme sanjysynyň azalmagyny, esasanda gaz sebäpli garynda emele gelen agyrynyň diňmegini üpjün edýän çözgütlerden biri. Emma zenjebili köp sarp etmek aşgazan agyrysyna sebäp bolýar.
Zenjebil gabyklary artylandan soň gyrgyçdan geçirilip ýa-da inçe dogralan görnüşde demlenmeli. Emma zenjebil çaýy demlenýärkä suw gaýnadylmaly däl. Gaýnan suw zenjebiliň peýdasyny azaldýandygy üçin ýyly suwda demlenmeli. Zenjebil çaýyny farfor çaýnikde demlemek maslahat berilýär. Demlenen çaý köp garaşdyrylmaly içilmeli. Zenjebil çaýyna limon hem goşup bilersiňiz.
Tmin
1 käse suwa 1 tutum tmin salyp, 10 minut garaşyň we ony süzüp, nahardan soň içiň. Eger isleseňiz süýdüň içine 1 çaý çemçesi goşup bilersiňiz.
Sirke
1 käse ýyly suwuň içine 1 nahar çemçesi alma sirkesini goşup içmek maslahat berilýär.
Fenhel tohumy
Agzyňyza birnäçe fenhel tohumyny atyp, çeýnäň. Çaýyny içmek hem maslahat berilýär.
Dalçyn
Agyrylary diňdiriji özboluşlyga eýe bolan daljyn, ýellenme sebäpli emele gelen sanjylaryň diňmesini, aşgazanyň we içegäniň rahatlanmagyny üpjün edýär. Dalçynam zenjebil ýaly demläp, gatygyň içine goşup iýip bilersiňiz.
Dalçyn çaýy nähili demlenmeli?
Dalçyn çaýy, üwelen daljyndan we onuň gabynlaryndan demlenýär. Dalçynyň gabygyndan çaý demlemezden öň, gabyklaryýuwmalywe bir dalçyn çabyjagyny 4-5 bölege bölmeli. Gaýnan suwy dalçynyň gabygynyň üstüne guýup, 10 minut deme goýmaly. Bu taýda esasy zat dalçynyň gabygynyň suw bilen bilelikde gaýnatmazlyk. Suwda gaýnadylan dalçynyň gabygy hem witaminini hem-de tagamynyýitirer.
Dalçyn çaýy için standart ölçeg, 1 käse suwa bir dalçyn çybyjagyny goşmaly. Eger üwelen dalçyn ulansaňyz, bir käse suwa 1,5 çaý çemçesi üwelen dalçyn goşmaly. Çaýa bal goşup bilersiňiz.
Azyk sodasy
1 käse ýyly suwa 1 ýada-da ýarym çaý çemçesi goşup, içmek maslahat berilýär.
Gyzgyn suwly gap
Sanjaýan ýere gyzgyn suwly gaby 5 minudyň dowamynda ünslülik bilen goýmak maslahat berilýär.
Maşk etmek
Ýere arka ýatyp, ýarym dikelip, ýatmak ýa-da dyzlaryňyzy garnyňyza çenli çekip, maşk etmek maslahat berilýär.
Çopantelpek, narpyz, anason we kardamon çaýlaryny içmek maslahat berilýär.